Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2020/2021-nji okuw  ýyly üçin  hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri)  boýunça talyplyga  kabul  edýändigini yglan  edýär:

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary  (hünärleri):

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçili-gi).
  2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny  dolandyrmak).
  3. Psihologiýa ylymlary   (hünär:   psihologiýa  (sport  psihologiýasy)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýada orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäs-leşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi  iş  kagyzlarynyň  sanawy:

—   bellenilen   nusgada   rektoryň   adyna   ýazylan  arza;

—   bellenilen   nusgadaky   sowalnama   (anketa);

—  umumy  orta  (ýada  orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl  nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

—  soňky  okan  ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

—  3x4  sm  ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

—  işleýänler  üçin  zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— sport, bedenterbiýe, sagaldyş işi hünärleri boýunça okuwa girýänler üçin türgeniň I derejeden pes bolmadyk kämillik kitapçasy, sport mek debinden hödürnama we häsiýetnama;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmina-manyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başgada, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş topa-ryna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—  şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletler-de geçirilýär:

Aşgabat şäheri   —   iýul aýynyň 22-23-i, 25-i we 27-si günleri;

Ahal welaýaty   —   iýul aýynyň 24-i,   26-sy we 28-i günleri;

Mary welaýaty   —   iýul aýynyň 29-y, 31-i awgust aýynyň  2-si günleri;

Lebap welaýaty   —   iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň  1-i  we  3-i  günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we  7-si  günleri;

Balkan welaýaty —  awgust   aýynyň   5-i,   6-sy we  7-si  günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sport;  bedenterbiýe;  sagaldyş  işi hünärleri — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşi-niň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

sport žurnalistikasy hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünärleri — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

psihologiýa (sport psihologiýasy) hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýada dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

—   orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli  türgenler;

—   saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

—  2016 — 2020-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;

— 2016 — 2020-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;

—  çagyryş  boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen  döwlet  bedenterbiýe  we  sport institutynyň  salgysy:  Aşgabat  ş., Saparmyrat  Türkmenbaşy  şaýoly,  40, tel.:  22-65-37,  22-68-61.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.