Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Magistratura)

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2020/2021-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça tölegli esasda magistratura kabul edýändigini yglan edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; menejment, okuwyň möhleti — 2 ýyl, milli ykdysadyýet, okuwyň möhleti — 1 ýyl).

Magistratura ykdysadyýet, menejment taýýarlygyň ugurlary boýunça ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda; milli ykdysadyýet taýýarlygyň ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6–— 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 8-9-y günleri geçirilýär.

Synaglar aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— ykdysadyýet; milli ykdysadyýet taýýarlygyň ugurlary boýunça — ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň ykdysadyýeti;

— menejment taýýarlygyň ugry boýunça — ykdysady nazaryýet, menejment.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaga goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.