Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gull

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gull

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasy 2020/2021-nji okuw  ýyly  üçin  taýýarlygyň  aşakdaky ugurlary boýunça tölegli  esasda  okuwa kabul  edýändigini yglan  edýär:

  1. Döwlete degişli bolmadyk edaralaryň hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamak aşakdaky hünär boýunça:

—  ykdysadyýet  we  hojalyk  hukugy,  okuwyň möhleti — 2 ýyl.

  1. Magistrleri taýýarlamak aşakdaky   ugurlar boýunça:

— sanly dolandyryş, okuwyň möhleti — 1 ýyl; —–işgärleri dolandyryş, okuwyň möhleti — 1 ýyl; —  ýerli  öz-özüni  dolandyryş  hukugy,  okuwyň  möhleti — 1,5 ýyl;

—  ylym  we  bilim  işlerini  dolandyryş,  okuwyň möhleti — 1,5 ýyl.

    Okuwa ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi  iş  kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; —  işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 24 — 29-njy iýuly aralygynda geçirilýär.

Gaýtadan  taýýarlamak  ugry  boýunça  giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: — ykdysady nazaryýet, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.

Magistrleri taýýarlamak ugry boýunça giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— sanly dolandyryş taýýarlygy boýunça – kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

—  işgärleri  dolandyryş  taýýarlygy  boýunça  — jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

—  ýerli  öz-özüni  dolandyryş  hukugy  taýýarlygy boýunça — jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— ylym we bilim işlerini dolandyrmak taýýarlygy boýunça — jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaga goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler; — daşary ýurt dillerini bilýänler.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, telefon  belgileri:  49-84-72,  49-88-46.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.